Italýan häkimiýetleri ýene-de Messina bogazynyň üsti bilen asma köprini gurmak meýilnamasyny maslahatlaşýar. Býujeti 13,5 mlrd ýewro bolan taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, köpriniň esasy sütün aralygy 3,3 km bolar we bu rekorddyr. Umuman aýdanyňda, taslama eýýäm 150 ýyldan gowrak wagt bäri maslahatlaşylýar, ýöne häzire çenli durmuşa geçirilmedi. Messina bogazy özüniň çylşyrymly tebigaty bilen bellidir: 100 km/sag çenli güýçli ýel we ýokary seýsmiki işjeňlik inženerler üçin uly kynçylyk döreder. Şeýle-de bolsa, infrastruktura ministri Matteo Salwini täze tehnologiýalaryň bu meselelerden baş çykarmaga mümkinçilik berýändigini we “transport aragatnaşygynda rewolýusiýa” geçirip biljekdigini belledi. Hökümet köprini günorta sebitleriň ösüşi üçin möhüm hasaplaýar. Häzir Sisiliýanyň we Kalabriýanyň üzňeligi ykdysadyýete ýylda 6,5 mlrd ýewro möçberde zyýan ýetirýär. Salwini taslama işe girizilen ýagdaýynda 120 müň iş ornunyň peýda boljakdygyny çaklaýar, ýöne garaşsyz hünärmenler ýylda 2-3 müň iş ornunyň boljakdygyny belleýär. Köpriniň gurluşygyna mafiýanyň täsir edip bilmegi aýratyn alada döredýär. Messinanyň baş prokurory şertnamalar paýlananda korrupsiýanyň bolup biljekdigi barada duýdurdy. Hökümetiň mafiýa garşy gözegçiligi ýola goýmak synanyşygy Prezident Serjo Mattarella tarapyndan petiklendi, bu hem tenderleriň aç-açanlygynda şübhe döretdi. Mundan başga-da, ekologlar taslamanyň deňiz ekoulgamy we guşlaryň migrasion ýollary üçin howp salyp biljekdigini belleýär. No Ponte hereketiniň aktiwistleri ýurduň günortasyndaky infrastruktura, saglygy goraýyş we bilim bilen bagly meseleleri göz öňünde tutup, taslamany pul serişdeleriniň biderek harçlanmagy diýip hasaplaýar. Eger Meloniniň hökümetine taslamany aýyň ahyryna çenli tassyklamak başartsa, onda Ýewropada iň uly gurluşyk işleriniň biri başlar. Ýöne öňki 12 synanyşyk möhleti yza süýşürmek ýa-da ýatyrmak bilen tamamlanypdy. Bilermenler bu köpriniň Italiýanyň býurokratiýa we korrupsiýa şertlerinde uly gerimli taslamalary durmuşa geçirmek ukybyny barlap görjekdigini aýdýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýa-da şowsuzlyk ýurduň demirgazyk bilen günortanyň arasyndaky üzňeligi hem geografik, hem ykdysady taýdan azaldyp biljekdigini ýa-da ýokdugyny görkezer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir