Prezident Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Halla Tomasdottire we ýurduň ähli halkyna Islandiýanyň milli baýramy — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halla Tomasdottire tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir