Fransuz arheologlary Ortaýer deňzinde 2570 metr çuňlukdan XVI asyrda gark bolan söwda gämisini tapdylar. Medeniýet ministrliginiň Suwasty arheologiýa bölüminiň müdiri Arno Şomas bu Fransiýanyň territorial suwlarynda gämi heläkçiligi hasaba alnan iň çuň ýerdir diýip, habar berdi. Bu açyş mart aýynda Sen-Tropeniň kenaryndaky deňiz düýbüniň barlagyny geçirýän suwasty uçarmansyz enjam tarapyndan edildi. Apparat Fransiýanyň mineral baýlyklaryndan başlap, internet kabellerine çenli çuňlukdaky deňiz baýlyklaryny öwrenmek boýunça hökümet taslamasynyň bir bölegidi. Arheologlar gäminiň keramika we metal önümleri bilen ýüklenip, Italiýanyň demirgazygyndan çykyp ugrandygyna ynanýarlar. Tapyndynyň ýüze çykarylan ýerine şertli "Kamarat 4" diýip at berildi. Arheolog Marin Sadaniniň sözlerine görä, galyndylaryň arasynda 200 töweregi agzy dar küýze tapyldy. Olaryň käbiri "IHS" monogrammasy - Isanyň adynyň grek dilindäki ilkinji harpy, beýlekileri ösümlik we geometrik nagyşlar bilen bezelipdir. Bu alamatlar küýzeleriň häzirki Italiýanyň demirgazygyndaky Liguriýa sebitinde ýasalandygyny görkezýär. Mundan başga-da, 100 töweregi sary plastina, iki gazan, labyr we alty top tapyldy. Geljekki iki ýylda arheologlar gäminiň sanly 3D modelini döretmegi we tapyndylar barada goşmaça barlag geçirmegi meýilleşdirýärler.