Toyota kompaniýasy özboluşly taslamany – Woven City atly dünýäde ilkinji akylly şäheri işe girizmäge taýýarlanýar. Onuň açylyşy şu ýylyň güýzüne meýilleşdirildi diýip, Interesting Engineering habar berýär. Şäher Tokiodan 140 km uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär. Şäheriň meýdany 175 akra barabar. Woven City geljegiň tehnologiýalaryny barlamak üçin synag meýdançasy bolar. Onda robotlar, awtonom ulaglar we emeli aň bir bitewi ulgam ýaly bilelikde hereket edip, gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüler. Şäheriň ilkinji ýaşaýjylary Toyota-nyň 100-e golaý işgäri we olaryň maşgalalary bolar. Ýakyn ýyllarda olaryň sany 360 adama, soňra 2000-e ýeter. Şäheriň ulag ulgamy Olimpiada-2020 üçin döredilen e-Palette sürüjisiz elektromobillerine esaslanýar. Ýollar üç kategoriýa bölündi: pyýadalar, welosipedçiler we robotaksiler üçin. Ähli binalar datçikler bilen enjamlaşdyrylar. Elektrik energiýasy bilen wodorod enjamlary we Gün panelleri üpjün eder. Şäherde suwy we galyndylary gaýtadan işlemek tehnologiýalary ornaşdyrylar. Kömekçi robotlar hojalyk ýumuşlaryny ýerine ýetirer, emeli aň bolsa ýaşaýjylaryň saglygyna gözegçilik eder, energiýa sarp edilişini dolandyrar we ýerasty tunneller arkaly ýükleri eltip berer. Şäheriň ähli elementleri bir umumy ulgama birikdirilen bolup, bu maglumatlary ýygnamaga, intellektual tehnologiýalary hakyky durmuşda synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär. “Biz tehnologiýalaryň ýaşaýşy has rahat we ekologiýa taýdan arassa edýän şäherini döredýäris. Woven City bütin dünýäde megapolisleriň keşbini üýtgedip biljek innowasiýalar üçin synag meýdançasy bolar” – diýip, Toyota-nyň başlygy Akio Toýoda belledi. Häzirlikçe şäher syýahatçylar üçin ýapyk. Kompaniýa ony myhmanlar üçin 2026-njy ýylda açmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir