Madridiň Sobrino de Botin restorany 1987-nji ýyldan bäri dünýäde iň gadymy restoran hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär. Ol 1725-nji ýyldan bäri hereket edýär. Ýöne bu titul ugrunda şäheriň eteginde ýerleşýän Casa Pedro tawernasy hem göreşýär diýip, Independent habar berýär. Casa Pedro-nyň eýeleri bu restoranyň XVIII asyryň başyndan bäri işleýändigini we 1930-njy ýyllaryň raýatlyk urşuny, XIX asyryň başynda Napoleon söweşlerini we hatda XVIII asyryň başynda Ispaniýanyň mirasy üçin urşy başdan geçirendigini aýdýar. “Hawa, biz 1702-nji ýyldan bäri işleýäris” diýseň, ýöne... muny subut edip bilmeseň, bu hakykatdanam gynandyrýar” – diýip, restoranyň eýesi Irene Ginýales belleýär. Onuň maşgalasy bu tawerna eýýäm sekiz nesil bäri eýeçilik edýär. Ginýalesiň aýtmagyna görä, onuň atasy restoranyň 300 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigine ant içipdir. Ýöne dilden subutnama ýeterlik däl. Şol sebäpli maşgala restoranyň ýaşyny tassyklamak üçin resminamalary gözlär ýaly ýörite taryhçyny işe çekdi. Taryhçy restoranyň azyndan 1750-nji ýyldan bäri işleýändigine subutnama tapdy. Casa Pedro özüniň şol bir ýerde şol bir at bilen işländigini we ýapylmandygyny subut etmeli. Bu talaplary beýleki iň gadymy restoranlar, mysal üçin Pariždäki Le Procope (1686-njy ýylda esaslandyryldy), Pekindäki Bianyifang (1416) we Nýuportdaky White Horse Tavern (1673) ýerine ýetirip bilmedi, şonuň üçin olar dünýäde iň gadymysy diýen tituly alyp bilmedi. Şeýle-de, iň gadymy restoran adyna Rimdäki La Campana dalaş edýär. Onuň wekilleri restoranyň 500 ýyldan gowrak taryhyny tassyklaýan resminamalary tapandygyny aýdýar.