Google resmi taýdan Android 16-ny çykardy. Ilki bilen bu täzelenmä Pixel 6 we Pixel 6 Pro modellerinden başlap, Pixel smartfonlary we planşetleri eýe bolar. Soňra bu enjamlaryň sanawyna Samsung ýaly beýleki brendleriň enjamlary hem goşular diýip, «Lifehacker» ýazýar. Esasy täzelikleriň arasynda – Material 3 Expressive atly täzelenen dizaýn dili bar. Ol interfeýsi has düşnükli edýär. Doly dizaýn täzelenmesi ýylyň dowamynda kem-kemden ornaşdyrylar. iOS-daky Live Activities funksiýasyna meňzeş Live Updates atly funksiýa peýda boldy. Bu funksiýa programmanyň özüne girmezden, gulplanan ekranda göni täzelenýän maglumatlary (meselem, futbol oýnunyň hasaby ýa-da syýahat wagtyn taksiniň ýerleşýän ýeri) görkezýär. Ilkibaşda ol diňe gabat gelýän hyzmatlarda işlär. Android 16 şeýle hem bir görnüşli bildirişleri awtomatiki usulda toparlap görkezer, bu bolsa olaryň gözden geçirilmegini aňsatlaşdyrar. Eşidiş enjamlarynyň goldawy hem-de aldawçylardan gorag gowulaşdyryldy. Indi jaň wagty ses çeşmesi hökmünde smartfonyň mikrofonyny saýlap bolýar, bu bolsa gohly ýerlerde has gowy aragatnaşyk hilini üpjün eder. Ulgamda göni Android interfeýsinden ses derejesini we birikdiriş sazlamalaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýän opsiýalar peýda boldy. Advanced Protection režimi kämilleşdirildi. Indi ol ulgama ornaşdyrylan ýagdaýda we şu aýratynlyklary öz içine alýar: ekran gulply wagty USB portlaryň ýapylmagy, howpsuz bolmadyk Wi-Fi torlara birikmegiň gadagan edilmegi we şübheli jaňlar barada duýduryşlary. Samsung bilen bilelikde işlenip düzülen iş stoly (desktop) režiminiň kämilleşdirilen görnüşi goşuldy. Bu režim planşetlerde we uly ekranlarda has çeýe mümkinçilikleri üpjün edýär. Daşarky displeýleri goldamak ýaly goşmaça mümkinçilikler soň peýda bolar. Işläp düzüjiler hem täze gurallary alýarlar: kameranyň sazlamalaryna (meselem, gijeki režim, reňk temperaturasynyň sazlamasy) amatly elýeterlilik, dürli ekran görnüşleri üçin uýgunlaşdyrylýan interfeýsler we bitewileşdirilen animasiýalar. Pixel enjamlary üçin täzelenme ýakyn günlerde paýlanyp başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir