14-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar ýurdumyzyň Sebit merkeziniň Merkezi Aziýadaky maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 80-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda halkara raýdaşlygyň we goldaw bermegiň belent maksatlaryna hem-de ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik işiniň ýokary ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.