Daniýanyň Novo Nordisk farmasewtik kompaniýasy Germaniýanyň programma üpjünçiligini işläp düzüji kompaniýasy SAP SE-den öňe geçip, Ýewropanyň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasy adyny gaýtaryp aldy. Bu barada Bloomberg ýazýar. 13-nji iýunda Novo-nyň paýnamalary kompaniýanyň semizlige garşy niýetlenen täze serişdesi amikretiniň synaglaryň has giçki tapgyryna geçýändigi baradaky habaryndan soň 2,3% ýokarlandy. Kompaniýa düzgünleşdiriji edaralardan synlary alandan soň şeýle çözgüt kabul etdi. Novo Nordisk-iň bazar bahasy şol wagt 365 mlrd dollara ýetdi (14-nj iýunda 358,57 mlrd dollara çenli peseldi), SAP-yň bazar bahasy bolsa 364,3 mlrd dollardy (häzir – 343,53 mlrd dollar). Novo Nordisk-iň bazar bahasy geçen ýylyň iýun aýynda rekord derejä ýetdi. Soňra onuň paýnamalary kliniki synaglaryň şowsuz netijeleri we Eli Lilly & Co amerikan kompaniýasy tarapyndan bäsdeşlik sebäpli peseldi. 2025-nji ýylyň maý aýynda kompaniýa baş direktor Lars Fruergaard Ýorgenseniň çalşylýandygy barada habar berdi. Financial Times neşiri Parvus Asset Management hej-gaznasynyň kompaniýada paý satyn alandygyny habar berenden soň, paýnamalar ýene ýokarlandy. 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Novo-nyň paýnamalary semizlige garşy Wegovy derman serişdesi satuwa goýberilenden soň ep-esli ýokarlandy. Ol Ýewropada 500 mlrd dollar bazar bahasyndan geçmegi başaran ikinji kompaniýa boldy. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda öňdebaryjylyk wagtlaýyn LVMH-e, mart aýynda SAP SE kompaniýasyna geçdi. Şol wagt SAP-yň ösüşi bulut tehnologiýalaryndaky üstünlikler bilen baglanyşykly boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir