Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi. Şeýlelikde, şwesiýaly türgen öz rekordyny – şu ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň Klermon-Ferran şäherinde goýan 6,27 metr netijesini täzeledi. 25 ýaşly türgen üçin bu karýerasynda eýýäm 12-nji dünýä rekordy boldy. Dýuplantis 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Olimpiýa çempiony boldy. Şeýle-de, ol iki gezek – 2022-nji we 2023-nji ýyllarda dünýä çempionatyny utdy hem-de 2018, 2022 we 2024-nji ýyllarda üç gezek Ýewropa çempiony boldy. Ol ýapyk binada geçirilen dünýä çempionatynda (2022, 2024) we Ýewropa çempionatynda (2021) hem ýeňiş gazandy.