1215 adam Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-niň doglan güni mynasybetli baýraklara mynasyp boldy. Olaryň arasynda futbolçy Dewid Bekhem, aktýor Geri Oldman, The Who toparynyň agzasy Rojer Doltri we ýazyjy Pet Barker bar diýip, The Guardian habar berýär. Bekhem sportda we haýyr-sahawatda bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk adyny aldy, futbolçy ýigrimi ýylyň dowamynda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk etdi we gyzzyrmany ýok etmek bilen meşgullanýan Malaria No More haýyr-sahawat guramasynyň kampaniýasyna gatnaşdy. Şeýle-de, ol Londonyň 2012-nji ýylda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hukugyny almakda möhüm rol oýnady. “Oskar” baýragynyň eýesi Geri Oldman drama sungatyna goşan goşandy, şol sanda “Garri Potter we Azkaban ýesiri” filminde Sirius Blekiň, “Agyr döwürler” baýopikinde Çerçilliň keşbi üçin rysarlyk adyny aldy. Doltri aýdym-saz we haýyr-sahawat işleri, aýratynam, ýetginjeklerde rak keseline garşy göreş gaznasyna kömegi üçin sylaglandy. Şeýle-de, sylaglananlaryň arasynda aktrisa Eleýn Peýj, öňki goranmak ministri Penni Mordont, telealypbaryjylar Tess Deýli we Klaudiýa Uinklman, darts oýunçylary Lýuk Littler we Lýuk Hamfris bar. Iň garry laureat Ikinji jahan urşunyň 106 ýaşly weterany Uilýam Irwin boldy. Ol jemgyýetiň öňünde bitiren hyzmatlary üçin Britan imperiýasynyň medaly bilen sylaglandy. Bornmutdan 11 ýaşly Karmela Çilleri-Uotson taryhda Britan imperiýasynyň ordeniniň iň ýaş kawaleri boldy. Myşsa distrofiýasynyň seýrek görnüşi bolan (L-CMD, million adamdan biri duşýar) gyzjagaz Muscular Dystrophy UK üçin serişde ýygnamak bilen tapawutlandy. Beýik Britaniýanyň ösüşine goşan goşandy üçin baýraklar ýylda iki gezek diňe bir jemgyýetçilik işgärlerine we meşhur adamlara däl, eýsem adaty raýatlara hem berilýär: Täze ýylda bir gezek, ikinjisi patyşanyň doglan güni mynasybetli iýunda. Ýeňijiler hökümetiň we jemgyýetiň nominasiýalary esasynda döwlet gullukçylarynyň komiteti tarapyndan saýlanýar. Baýraklar Bukingem köşgünde patyşanyň hut özi ýa-da onuň adyndan hereket edýän şa maşgalasynyň ýokary wezipeli agzasy tarapyndan berilýär.