Amerikaly alymlar deňiz hyýarlarynyň düzüminde rak öýjükleriniň ösüşine gatnaşýan fermenti böwetläp bilýän maddany ýüze çykardylar. Onuň artykmaçlygy ozal öwrenilen birleşmelerden tapawutlylykda, adam organizmi üçin howpsyz bolmagydyr. Deňiz hyýarlary (goloturiýalar) – tikenli bedenliler (Echinodermata) görnüşine degişli oňurgasyzlar bolup, olaryň iň ýakyn kowumdaşlary deňiz kirpileridir. Goloturiýanyň 1100-den gowrak görnüşi bar. Olar köp ýurtlarda iýmit hökmünde ulanylýar we adatça «trepang» diýlip atlandyrylýar. Bu juda hereketsiz jandarlar, esasan, plankton bilen iýmitlenýärler. Ömürleriniň dowamynda sintezleýän köp sanly biohimiki birleşmeleriniň meňzeşi ýokdur. Bu jandarlarda ölüm howply rak keseliniň peýda bolýandygy barada maglumat ýok. Bu ýagdaý meduzalara we deňiz kirpilerine hem degişlidir. ABŞ-ly alymlar muny bu deňiz jandarlarynyň düzümindäki aýratyn polisaharid – fukozilirlenen hondroitinsulfat bilen düşündirýärler. Onuň rak keseline garşy potensialy barada «Glycobiology» žurnalynda beýan edildi. Adamlaryň öýjükleriniň üsti glikanlar diýlip atlandyrylýan ýönekeý şeker zynjyrlary bilen örtülendir. Käbir fermentler, meselem, sulfataza-2 bu gurluşlara täsir edip, rak keseliniň ösmegine ýardam berýär. Bu ferment işjeň bolanda, immunitet ulgamy rak öýjüklerini tanamakda we ýok etmekde kynçylyk çekýär. Şonuň üçinem köp sanly rak öýjükleri sulfataza-2-niň öndürilişini stimulirleýär. Holothuria floridana deňiz hyýaryndan alnan madda bilen geçirilen laboratoriýa synaglary we kompýuter arkaly ýerine ýetirilen modelirlemeler bu maddanyň sulfataza-2 fermentini petikläp bilýändigini görkezdi. Şuňa meňzeş birleşmeler ozal doňuzlaryň bedeninde hem ýüze çykarylypdy, ýöne olar ganyň lagtalanmagy ýaly howply täsirler döredýärdi. Täze polisaharidde beýle howplar ýüze çykmady. Ýene bir artykmaçlygy bolsa – tebigy elýeterliligidir. Deňiz hyýarlary dünýäde giňden ýaýran we iýmit hökmünde hem giňden ulanylýar. Häzirki wagtda çylşyrymly şekerleriň sintezi her näçe gymmat hem bolsa, alymlar geljekde bu maddany emeli ýol bilen döredip, tebigy çeşmelere bolan garaşlylygy azaltmagy meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir