1950-nji ýyllarda Ýaponiýanyň merkezindäki Toýohasi şäheriniň golaýynda arheologlar birnäçe gadymy süňkleri – bir egin süňki bilen but süňküniň bir bölegini tapdylar. Şol wagt olar iň gadymy adam galyndylary hökmünde kesgitlenip, ýaşy 20 müň ýyl diýlip çaklanypdy. Bu tapyndylar soň Ýaponiýanyň antropologik mirasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Emma 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, käbir alymlarda bularyň adama degişli däldigi barada şübheler döräp ugrady. Häzirki zaman tehnologiýalaryň kömegi bilen bu jedel ahyrsoňy çözüldi diýip, «Glass Almanac» ýazýar. Tokio uniwersitetinden barlagçy Gen Suwa kärdeşleri bilen bilelikde tapylan süňkleriň KT skanirlemesini we mikroskopiki seljermesini geçirdi. Netijede, bu süňkleriň 20 müň ýyl ozal arhipelagda ýaşap geçen Ursus arctos görnüşli gadymy goňur aýynyňkydygy ýüze çykaryldy. Morfologiki seljermeler süňkleriň içki gurluşynyň adam süňküne gabat gelmeýändigini, emma aýy süňki bilen doly gabat gelýändigini görkezdi. Şeýlelikde, Ýaponiýadaky iň gadymy adam galyndylary diýlen at indi 14 müň – 17 müň ýyl ýaşy bolan, Hamakita sebitinden tapylan süňklere geçdi. Adamzadyň has irki döwürlerde bu sebitde ýaşap geçendigi bilen bagly yzlar hökmünde skeletler däl-de, dürli gurallar we beýleki artefaktlar Rýukýu adalaryndan tapylypdy we 32 müň ýyllyk diýip senelenipdi. Alymlar şeýle ýalňyşlyklaryň geleňsizlik bilen däl-de, öňki döwrüň tehnologiýasynyň çäklendirmeleri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Diňe häzirki zaman seljeriş usullary, şol sanda 3D rekonstruksiýa we DNK gözlegleri tapyndylaryň gelip çykyşyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir