Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär. Kliniki synaglar wagtynda dermanyň howpsuzlygy we netijeliligi barlanýar, ýöne takyk täsir ediş mehanizmine düşünmek has soňrak belli bolup biler. Parasetamol bilen hem şeýle boldy. Ondan öň ol, esasan, beýnä we oňurga ýiligine täsir edýär diýip hasaplanýardy. Emma ysraýylly alymlar tarapyndan geçirilen täze barlag parasetamolyň periferiýa nerwlerine - agyry signallaryny ilkinji bolup kabul edýän nerwlere täsir edýändigini görkezdi. Öňki barlaglar parasetamolyň agyryny ýeňilleşdiriji häsiýetleriniň esasy faktorynyň N-arahidonoilfenolamin (AM404) metabolitidigini görkezdi. Derman bedene düşende ilki bagyrda metabolizlenýär we ýag kislotalarynyň amid gidrolaza fermenti (FAAH) tarapyndan AM404-e öwrülýär. Indi alymlar bu metabolitiň nerw uçlarynda emele gelýändigini we agyry signallaryny merkezi nerw ulgamyna iberýän natriý kanallaryny petikleýändigini anykladylar. "Biz ilkinji gezek AM404-iň beýniniň daşyndaky nerwlere göni täsir edýändigini görkezdik. Bu parasetamolyň agyrylara garşy nähili göreşýändigi baradaky düşünjämizi üýtgedýär" - diýip, barlagyň awtory Aleksandr Binştok mälim etdi. Täze tapyndylar iň az zyýanly ýerli anestetikany goşmak bilen, has ygtybarly we has täsirli agyryny aýryjylary ösdürmäge kömek edip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir