Alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolandygyny öz gözleri bilen görüp tassykladylar, emma häzirlikçe ol ýere düşläp bolmady diýip, Live Science habar berýär. Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşip, takmynan, 371 000 inedördül kilometr meýdany tutýan “dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany”. Bu ýerde täze adalaryň peýda bolmagy ýapyk suwuň derejesiniň uzak wagtdan bäri üýtgäp durandygy bilen baglanyşyklydyr. Awaş adalary diýlip atlandyrylýan deňiz düýbüniň belentligi deňziň derejesi peselende ýokary çykýar. Hazar deňziniň derejesiniň 1930-70-nji ýyllarda peselendigi, soňra ýokarlanandygy we 2010-njy ýylda ýene peselip başlandygy mälimdir. Alymlar soňky üýtgeşmeleri klimat faktorlaryna, esasanam, bugarmagyň ýokarlanmagyna we suwuň aşagyndaky tektoniki üýtgeşmelere degişli diýip hasaplaýarlar. Soňky ekspedisiýanyň dowamynda barlagçylar täze ada golaýlaşyp, onuň bardygyny tassyklamagy başardylar. Emma ýaramaz howa şertleri we ýalpak suw sebäpli düşlemek mümkin bolmady. Dronyň kömegi bilen ada surata düşürildi, suratlarda adanyň ululygy we käbir aýratynlyklary görünýär. Doly öwrenmek üçin goşmaça işleri geçirmek gerek. Alymlar has jikme-jik barlag geçirmek üçin 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda ada dolanmagy meýilleşdirýärler. Olar ada at goýmaga kömek etjek üýtgeşik aýratynlyklary tapmagy umyt edýärler. Täze adanyň alamatlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek hemra suratlarynda ýazga alyndy. Suwuň üstünde çäge we çökündi massasy peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan guraýan hem bolsa, şol döwür adanyň emele geljegi entek belli däldi. Bu ada häzirki wagtda deňiz derejesinden bary-ýogy birnäçe santimetr galyp dur, ýöne tomus we güýz aýlarynda derýanyň akyşynyň möwsümleýin peselmegi sebäpli ululygy çalt artyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir