Kanadanyň Alberta welaýatyndan pensioner Dewid Serkin bir ýylda üç gezek lotereýada utup, jemi 2,5 million dollar gazandy. Bu barada The Guardian neşiri gürrüň berýär. Serkin 1982-nji ýyldan bäri lotereýa oýnaýar. Günbatar Kanada Lotereýa Korporasiýasynyň habaryna görä, ol geçen ýylyň 20-nji awgustynda 500 müň dollar, 16-njy noýabrda 1 million dollar we ýakynda, 3-nji maýda ýene 1 million dollar utdy. Günbatar Kanada Lotereýa Korporasiýasy Serkiniň şol jekpotlaryň ilkinjisini gazanmak üçin mümkinçiliginiň, takmynan, 33,3 milliondan bir bolandygyny aýtdy. "Ýeňmegiň ähtimallygynyň juda pesdigini bilýän, gaýtalanar öýdemok, men ýönebir petek satyn almakdan lezzet alýan" – diýip, şonda pensioner aýtdy. Serkin soňky petegini ýangyç guýulýan beketde “Ýitirýän zadym barmy?” diýip tötänden satyn aldy. NOW Toronto neşiri onuň mundan on ýyl gowrak ozal 250 000 dollar utandygyny belleýär. Pensioneriň öz sözlerine görä, ol ýeňmek üçin däl-de, lezzet almak üçin oýnaýar. Ol bu prosesiniň özüni - petek satyn alyp, soňam barlamagy halaýar. Serkin ozal rak keselinden ejir çekendigini we häzirki wagtda durmuşdan lezzet alýandygyny aýtdy. Ol bar zadyna şükür edýär we nesip eden şowlulygyň ýöne ýere däldigine ynanýar. Öňki utuşlaryndan birinden soň, ol aýaly bilen Gawaý adalarynda dynç aldy. Indi är-aýal Nýufaundlende syýahat etmekçi. Dostlary we maşgalasy onuň bagtyçüwenligine ynanyp bilmeýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir