Londondaky Christie’s auksion öýi Jon Lennonyň geljekki aýaly Sintiýa ýazan söýgi hatyny auksiona goýdy. Bu hat 1962-nji ýylyň aprelinde, The Beatles toparynyň Star-Club klubunda çykyş edýän ýeri bolan Gamburgda ýazylypdyr. Dört sahypalyk golýazma hatda 21 ýaşly Lennonyň söýgüsi, oý-pikirleri we ýoldaşlary hakyndaky ýatlamalary beýan edilýär. Hususan-da, ol bir otagda bile bolan Pol Makkartniden zeýrenýär: "Pol kellämiň içinde bökýär (ol meniň ýokarymdaky ýatalgada ýatyr we hor çekýär) ... Gapyl, Makkarnti!" – diýip, Lennon ýazýar (ol bilgeşleýin Makkartniniň familiýasyny ýalňyş aýdypdyr: asyl nusgada "Shurrup Mcarntey!" ýaly ýaňlanýar). Şeýle-de, bu hatda 1962-nji ýylyň 10-njy aprelinde 21 ýaşynyň içinde beýnä gan inme sebäpli aradan çykan suratkeş we The Beatles-iň ilkinji basçysy Stýuart Satkliff ýatlanylýar. Auksion 9-njy iýulda geçiriler. Guramaçylar bu hatyň 30 müňden 40 müň funt sterling aralygynda satylmagyna garaşýarlar. Şol gün orta asyr golýazmalary, Bethoweniň, Wagneriň, Eýnşteýniň, Freýdiň, Tolkiniň we beýlekileriň awtograflary hem auksiona çykarylar. The Beatles döredijilik we täjirçilik babatda XX asyryň iň üstünlikli toparlaryndan biri hasaplanýar. Meşhur rok sazandalarynyň köpüsi "liwerpul dörtlügi" aýdymlarynyň täsiri astynda şeýle bolandyklaryny boýun alýarlar. Topar 1970-nji ýylda bilelikde işlemegi bes etdi. Aýrylyşanlaryndan soň sazandalaryň hersi ýekelikde karýerasyny dowam etdirdi. Lennon 1980-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky öýüniň golaýynda öldürildi, Jorj Harrison bolsa 2001-nji ýylda rak keselinden aradan çykdy. Pol Makkartni we Ringo Starr täze aýdymlary çykarmagyny we konsert bermegi dowam etdirýärler. 2024-nji ýylyň maý aýynda Lennonyň akustiki gitarasy Julien’s Auctions auksionynda 2,85 million dollara satyldy. Bu The Beatles-e degişli saz guraly üçin rekord boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir