“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi. Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy. Mundan öň 2024-nji ýylda Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ikinji orny “Red Bull” toparynyň niderlandly ýaryşa gatnaşyjysy Maks Werstappen eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Mersedesiň” ýene bir sürüjisi Kimi Antonelli geldi. 18 ýaşly italiýaly üçin bu karýerasynda ilkinji gezek münbere çykmagy boldy. Ýaryşyň gutarmagyna üç aýlaw galanda “Maklarenden” Lando Norris öz topardaşy – awstraliýaly Oskar Piastri bilen göreşden soň heläkçilige uçrady. “Formula-1-iň” indiki tapgyry – Awstriýanyň Gran-prisi 27 – 29-njy iýunda Şpilbergde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir