Labubu oýnawaçlarynyň meşhurlygy Pop Mart kompaniýasynyň eýesi Wan Nini Hytaýyň iň baý on adamynyň birine öwürdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir onuň baýlygy 22,7 mlrd dollara barabar. Oýnawaçlara bolan isleg kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň 34 dollardan 270 dollara çenli ýokarlanmagyna getirdi. Wan Nin Hytaýyň iş ýaş milliarderi boldy – ol 38 ýaşynda. Häzir Pop Mart kompaniýasynyň bütin dünýäde 500-den gowrak dükany we daşary ýurtlarda 100 wekilhanasy bar. Labubu gonkongly dizaýner Kasin Lýun tarapyndan döredildi. Ol 2015-nji ýylda gahrymanlary bu jandarlar bolan “The Monsters” hekaýalaryny çap edip başlady. Oýunjak 2019-njy ýylda Pop Mart bilen hyzmatdaşlykdan soň has meşhur boldy. Kompaniýa gahrymanlaryň şekilinde heýkelleri çykaryp başlady. Oýnawaç 2024-nji ýylyň aprel aýynda Blackpink K-pop toparynyň agzasy Lisanyň torbasynda Labubu brelogy görlenden soň, ählumumy ünsi çekdi. Bu hem tendensiýa döredip, oňa bolan islegi ýokarlandyrdy. Ozal plastikden gök reňkli 131 metrlik Labubu gurjagy Hytaýda geçirilen “Ýunle” auksionynda 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satylypdy.