2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy. Alymlar ummanyň atmosferada ýygnanýan ýylylygyň ep-esli bölegini özüne siňdirýändigini düşündirýär. Ol kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň, takmynan, 25%-ini we artykmaç ýylylygyň, takmynan, 90%-ini özüne kabul edýär, bu hem global ýylamanyň depginini haýallatmaga kömek edýär. Ýöne bu prosesiň ýaramaz netijeleri hem bar. Temperaturanyň ýokarlanmagy we suwuň turşamagy deňiz ekoulgamyna täsir edýär. Mysal üçin, merjenlere rifleri döretmek has kyn düşýär – olara suwuň himiki düzüminiň üýtgemegi sebäpli kalsiý ýetmezçiligi päsgelçilik döredýär. Mundan başga-da, has ýyly suwda suwotular çalt köpelýär. Bu kislorodyň derejesini peseldip, beýleki deňiz organizmleriniň durmuşyny kynlaşdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir