4 — 12-nji iýun aralygynda Şri-Lanka Respublikasynyň Kolombo şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Dünýäniň 9 ýurdundan 110 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda türkmen küştçüleri hem üstünlikli çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Ýurdumyzyň ýygyndy toparyna altyn medaly Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Leýla Şöhradowa getirdi. Küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda oňa taý tapylmady. Ýurdumyzyň türgenleriniň beýleki 2 medaly küşdüň adaty görnüşinden gazanyldy. FIDE-niň ussady, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň talyby Lala Şöhradowa kümüş, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow bolsa bürünç medallary gazandylar. Belläp geçsek, 15-19-njy iýunda Aşgabatda küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara ýaryş geçiriler.