Türkmenistan soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämilerine öz howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertler tizden-tiz üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, içinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň, Russiýanyň we başga-da birnäçe döwletleriň raýatlary bolan FlyDubai (BAE), Jazeera Airways (Kuweýt), S7Airlines (RF) we beýleki awiakompaniýalaryň uçarlaryna Aşgabadyň Halkara howa menziline gonmaga dessin mümkinçilik döredildi. Ýolagçylaryň ählisi üç wagtyna gyzgyn nahar hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterlik bilen üpjün edildi. Howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk dynç almak üçin şertler döredildi. Türkmenistan ynsanperwer meselelerinde özüniň mäkäm garaýyşyny iş ýüzünde tassyklaýar.