14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar S.W.Lawrowyň ýakyn wagtda ýurdumyza amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Türkmen tarapynyň soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalar sebäpli öz ugruny üýtgetmäge mejbur bolan Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň howa gämisine gonmaga mümkinçilik döretmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy adamlar üçin ähli zerur bolan şertleri, şol sanda iýmitlenmäge, derman we beýleki durmuş serişdelerine elýeterligi dessin döretdi. Şunuň bilen baglylykda, rus diplomaty berilen goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Nowosibirsk–Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan Russiýanyň uçarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonan döwründe berlen ýardamlar üçin” rus tarapynyň sagbolsuny beýan edilýär. Hususan-da, 170 sany ýolagçynyň, şol sanda 22 sany çaganyň we 10 sany ekipažyň agzalarynyň Aşgabadyň howa menzilinde bolan wagtynda iýmit, içgiler we hyzmatlaryň doly toplumy bilen üpjün edilendigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir