12-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar. Şol bir wagtyň özünde ministrler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir