Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, serker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na gutlag iberdi. "Si­zi ýo­ka­ry ser­ker­de­ler dü­zü­mi­ni we iş­gär­le­ri taý­ýar­la­ýan Har­by aka­de­mi­ýa­ny hem-de hü­när­men­le­ri ýe­tiş­dir­ýän ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni üs­tün­lik­li ta­mam­lap, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi­ne, il­kin­ji ser­ker­de­lik de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­ňyz hem-de zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn" diýlip, gutlagda aýdylýar. Döwlet Baştutany uçurymlara ýüzlenip, olaryň ta­ryh­da öç­me­jek yz gal­dy­ran mer­da­na şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň eder­men­lik, gaý­duw­syz­lyk, we­pa­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni özü­ňi­ze nus­ga edi­nip, pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň şöh­ra­ty­ny ar­şa gö­ter­me­li­digini nygtaýar. "Hä­zir­ki za­man har­by teh­ni­ka­la­ry­na we en­jam­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de us­sat­lyk bi­len erk edip, Wa­ta­ny söý­me­giň kä­mil nus­ga­sy­ny gör­kez­me­li­si­ňiz. Hal­ky­my­zyň leb­zi­ha­lal­lyk, mert­lik, pes­päl­lik ýa­ly be­lent ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­ňiz­de jem­läp, wa­tan­per­wer ger­çek­le­riň my­na­syp do­wa­ma­ty bol­ma­ly­sy­ňyz" diýlip, gutlagda aýdylýar. "Ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryn­da Wa­tan mu­kad­des­li­gi­niň ga­dyr-gym­ma­ty­na bir­kem­siz dü­şün­ýän, pe­der­le­ri­mi­ziň mert­lik ýo­lu­na eýer­ýän, har­by sun­gat­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­ýan we har­by teh­ni­ka­la­ra ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän, mu­kad­des Wa­ta­ny­my­zyň go­ran­mak uky­by­ny, ser­het­le­ri­mi­ziň mi­ze­mez­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­nyň we jem­gy­ýet­çi­lik asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gy­ny üp­jün et­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­jak hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da ser­ker­de-mu­gal­lym­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Si­ziň bu iş­de yh­las-ba­şar­nyk­la­ry­ňy­zy gaý­gyr­man, giň göz­ýe­tim­li, ýo­ka­ry ah­lak­ly we be­den taý­dan sag­dyn, Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mek ug­run­da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­jek­di­gi­ňi­ze berk ynan­ýa­ryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir