12-nji iýunda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda bu ýurduň orta telekeçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie's Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge hem-de täze ugurlary we mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirildi. Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa kompaniýalary öz işleri we önümleri barada maglumat berdiler we türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de Türkmenistanyň içerki bazaryna girmäge gyzyklanma bildirdiler. Ilçi M.Maşalow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.