12-nji iýunda Aşgabatda parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de migrasiýa meseleleri boýunça halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän çäre Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guraldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistandan migrasiýa we migrasiýa syýasaty bilen bagly bolan meseleler bilen meşgullanýan döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem çärä sebitde öňdebaryjy tejribesi bolan ýurtlardan, şol sanda Azerbaýjandan, Eýrandan, Russiýa Federasiýasyndan we Türkiýeden bilermenler hem-de halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Birinji bölümçe şahsyýeti anyklamaga hem-de resminamalary düzgünleşdirmäge bolan häzirki zaman çemeleşmelerine bagyşlandy, onuň çäklerinde migrasiýa dolandyryşynyň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda tejribe alşyldy, şeýle hem resminamalaryň galplaşdyrylmagyna we bikanun migrasiýa garşy göreş bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekologiýa wehimlerine hem-de olaryň migrasiýa edýän täsirine bagyşlanan ikinji bölümçede howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň zaýalanmagynyň migrasiýa üçin netijelerine, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara başlangyçlaryna garaldy. Üçünji bölümçede raýatsyzlygyň soňuna çykmak, olaryň ýollary we kanuny çözgütler ýaly meselelere deglip geçildi. Çykyş edenler raýatsyzlygyň soňuna çykmak babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. “Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” atly dördünji bölümçede elektron wizalar, sanly migrasiýa kartlary ýaly sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň dünýä ösüş ugurlary hem-de aç-açanlygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin emeli aňyň migrasiýa işlerini dolandyrmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy. “Sebitleýin hyzmatdaşlyk: Parahatçylyk we ynanyşmak migrasiýa syýasatynyň esasy hökmünde” bäşinji bölümçäniň mowzugy boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar hyzmatdaşlygyň gurallaryna, migrasiýa akymlaryny dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ünsi jemledi.