Gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (uly gämi) tapylan teňňeler alymlara onuň hakykylygyny we taryhy ähmiýetini tassyklamaga kömek etdi. 1708-nji ýylda Kartahenanyň kenarynda gark bolan “San-Hose” ispan galeony Kolumbiýanyň hökümeti tarapyndan baryp 2015-nji ýylda tapylypdy. Gämi Günorta Amerikanyň koloniýalaryndan toplanan hazynalary, şol sanda takmynan 11 million altyn-kümüş teňňäni, zümerredi we beýleki gymmat bahaly daşlary alyp barýan eken. Şeýle uly hazyna Beýik Britaniýa bilen tagt ugrunda söweşýän korol Filip V-iň urşuny maliýeleşdirmek üçin niýetlenipdi. Iňlis gämileri söweşde galeony gark etdi. Ýakynda alymlar hazynany öwrenmek üçin suwasty apparat ulandylar. Olar şaýy pullary ýokary durulykda surata aldylar we olaryň 3D modelini döretdiler. Şaýlarda olaryň 1707-nji ýylda Limada zikgelenendigini tassyklaýan nyşanlar tapyldy. Olaryň arasynda Ierusalim haçy, galaly we arslanly galkan bar. Şaýy pullaryň ters ýüzünde Lima zikgehanasyna mahsus bolan "Gerkulesiň deňiz tolkunlarynyň üstündäki täç sütünleri" şekillendirilýär. Şaýy pullaryň ortaça diametri 32,5 mm, agramy 27 gram töweregi. Käbirlerinde metalyň arassalygyny tassyklaýan möhür bar. Bu tapyndylar munuň hakykatdanam ispan “San-Hose” galeonydygyna şübhe döretmedi. Bu barlag “Antiquity” žurnalynda çap edildi.