Gonkongly aktýor Jeki Çan karate boýunça gara guşak aldy. Dabara Nýu-Ýorkda “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi diýip, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) saýtynda habar berildi. Gara guşagy filmden başga bir aktýor Ralf Makkýo hem aldy. Artistleriň ikisi-de WKF-iň baş sekretary Toşihisa Naguradan gutlag kabul etdi. Dabara olimpiýaçy we karate boýunça ABŞ-nyň çempiony Tomas Skott gatnaşdy. Guşaklaryň gowşurylmagy WKF-iň “Karateçi oglanjyk” franşizasyny döredijiler bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirildi. WKF bu wakanyň karate gymmatlyklaryny – dissiplinany, hormaty, mertebäni, çydamlylygy we jebisligi öňe sürmekde kinonyň ähmiýetini görkezýändigini belledi. WKF-iň prezidenti Antonio Espinosyň aýtmagyna görä, karateniň gymmatlyklaryny “Karateçi oglanjyk” franşizasyndan has gowy görkezmegi başaranlar az-azdyr. “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” filmi 8-nji maýda dünýä prokatyna çykdy. Jeki Çan we Ralf Makkýo ýaş gahryman Li Fonga (onuň keşbini Ben Wan ýerine ýetirdi) Nýu-Ýorka öwrenişmäge we karate boýunça ýaryşa gatnaşmaga kömek edýän söweş sungatynyň ussatlarynyň keşplerini ýerine ýetirdi. Filmiň režissýory Jonatan Entuistl boldy, ssenarini Rob Liber ýazdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir