Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy. Mundan öň Arbeloa “Realyň” dürli ýaşdaky ýaşlar toparynda işledi. 2023-nji ýylda 19 ýaşa çenli topar onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň Ýaşlar kubogyny aldy. Arbeloa “Realda” 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda çykyş etdi, 2017-nji ýylda bolsa oýunçy karýerasyny tamamlady. Ol Madrid kluby bilen dokuz kubok, şol sanda Çempionlar ligasynda iki we Ispaniýanyň çempionatynda bir ýeňiş gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir