ABŞ-nyň federal kazyýeti Apple kompaniýasyna App Store-dan daşyndaky satyn alyşlar üçin tutum tutmagy gadagan etdi. Bu barada Epic Games tarapyndan başy başlanan iş boýunça gelnen kararda aýdylýar, onuň tekstini The Verge neşiri getirýär. Kazyýet kompaniýanyň daşarky amallar üçin töleg alyp bilmejekdigini ýa-da alternatiw töleg usullaryna alyp barýan düwmeleri, baglanyşyklary ýa-da dizaýn elementlerini çäklendirip bilmejekdigini aýtdy. Mundan başga-da, Apple-e şeýle tölegleri ynamdan düşürmek gadagan edildi. Diňe bitarap duýduryş bermäge rugsat edilýär. Täze düzgünler şolbada güýje girýär, ýöne kompaniýa appelýasiýada utsa, olara täzeden seredilip bilner. Kazyýet diňlenişigi mahalynda kazy Iwonn Gonsales Rojers Apple-iň baş direktory Tim Kuky ýalançylykda, ýolbaşçylaryny bolsa 2021-nji ýyldaky kararyna päsgel bermekde aýyplady. Şonda kazyýet Apple-i işläp düzüjilere töleg üçin daşarky baglanyşyklary ulanmaga we 30%-lik tutumdan sowlup geçmäge rugsat bermäge borçly edipdi. Muňa derek Apple şular ýaly amallar üçin 27%-lik tölegi girizdi we App Store-nyň daşynda töleg etmegiň töwekgelçiligi barada açyk duýduryşlary goşdy. "Apple bu karary äsgermezlik edip, bilkastlaýyn milliardlarça dollar girdejisini saklap galdy " - diýip, Gonsales Rojers nygtady. Ol kazyýet materiallaryny ABŞ-nyň Baş prokuraturasyna "kazyýeti sylamazlyk jenaýaty" boýunça barlamaklyga iberdi. "Biz bu karar bilen düýbünden ylalaşmaýarys we şikaýat ederis" - diýip, Apple-iň metbugat sekretary Oliwiýa Dalton mälim etdi. Epic-iň baş direktory Tim Suini bu karary “adalata tarap ädilen ädim” diýip atlandyrdy we Fortnite-niň App Store-a gaýdyp geljekdigini habar berdi. Şeýle hem täze düzgünler bütin dünýäde hereket edip başlasa, Apple-e kazyýete şikaýat etmegini bes etmegi teklip etdi.