Jeff Bezos 2026-njy ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli Amazon kompaniýasynyň 4,75 milliard dollarlyk paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň (SEC) habaryna görä, ol jemi 25 million gymmatly kagyz satar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar. Bu habar Amazon kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça girdeji hasabatyny mälim edeninden birnäçe sagat soň ýüze çykdy. Korporasiýanyň girdejisi 9% artdy we 155,7 milliard dollara ýetdi, arassa girdejisi bolsa 17,1 milliard boldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň girizen gümrük paçlary sebäpli, Amazon-yň internet dükanyndaky bahalar apreliň başynda ýokarlandy. Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy bolsa, tersine, aşaklady. Sebäbi Trampyň girizen paçlarynyň telekeçilige oňaýsyz täsir edip biljekdigi barada aladalar ýüze çykdy. Bloomberg-iň milliarderler indeksine görä, Bezos dünýäde Ilon Maskdan soň ikinji iň baý adam bolup durýar. Onuň umumy baýlygy 212 mlrd dollar diýlip çaklanylýar. Ol 2024-nji ýylda Amazon-yň 13,4 mlrd dollarlyk paýnamasyny satypdy. 2002-nji ýyldan bäri, Bezos öz taslamalaryna (Blue Origin kompaniýasy) maýa goýmak we öz isleglerini kanagatlandyrmak üçin (500 mln dollarlyk «Koru» atly superýahta ýaly), takmynan, 30 milliard dollarlyk paýnama satdy. 2023-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ol kompaniýanyň paýnamalarynyň, takmynan, 10%-ne eýeçilik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir