Jetson kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we tehniki direktory Tomaş Patan «Volonaut Airbike» atly reaktiw hereketlendirijili täze nesil howa ulagyny hödürledi. Enjam diňe bir adamy daşamak üçin niýetlenendir. «Volonaut Airbike» iki joýstik arkaly, şeýle-de sürüjiniň bedenini egmegi bilen dolandyrylýar. Bort kompýuteri bolsa, uçuş wagtynda enjamy durnuklaşdyryp, howpsuzlygy we dolandyryşy ýokarlandyrýar. «Volonaut-yň» aýratynlyklary haýran galdyryjy – bu spider sagatda 200 kilometre çenli tizlige ýetip bilýär, aýlanýan propellerleriň bolmazlygy onuň manýowr mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu aýratynlyk dar ýerlerde hem üç ölçegde erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär. «Airbike» adaty motosikllerden, takmynan, ýedi esse ýeňil. Bu ýeňillik häzirki zaman uglerod süýümlerinden ýasalan materiallaryň, 3D çap tehnologiýasynyň we ýönekeýleşdirilen dizaýn çemeleşmesiniň netijesinde mümkin boldy. «Volonaut Airbike-yň» haçan satuwa çykjakdygy heniz belli däl, ýöne şeýle tehnologiýalaryň peýda bolmagy, hakykatdanam, tolgundyryjy.