Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär. Paneller gönüden-göni relsleriň üstünde ýerleşdirilipdir we olar otlularyň kadaly hereketine päsgelçilik döretmeýär. Panelleri gurnamak üçin, birnäçe sagadyň dowamynda 1000 inedördül metr meýdana panelleri ýerleşdirip bilýän ýörite otly ulanylypdyr. Şeýle-de bolsa, panelleriň hapalanmagy we otlularyň fiziki basyşy olaryň netijeliligine we hyzmat ediş möhletine täsir edip biler. Geljekde relsleriň arasyndaky boşluklar energiýa öndürmek üçin giňden ulanylyp bilner. Şeýle hem öndürilen elektrik otlularyň elektrik üpjünçilik ulgamyna berlip bilner. Otlular gündizine öz ugurlary boýunça hereket edýän mahaly, paneller elektrik öndürmegini dowam etdirer. Bu taslama Şweýsariýanyň Sun-Ways kompaniýasy tarapyndan, ýurduň Federal ulag müdirliginiň goldawy bilen işlenip düzüldi. Kompaniýa öňümizdäki üç ýylyň dowamynda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmäge we esasan hem panelleriň hapalanmagyna, çydamlylygyna hem-de demir ýol ulgamyna edýän täsirine üns bermegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir