ABŞ-nyň Döwlet departamenti «Diversity Immigrant Visa Program» (DV-2026) maksatnamasynyň, ýagny Green Card lotereýasynyň netijelerini çap etdi. Arza tabşyranlar netijeleri şu resmi web salgysy arkaly barlap bilerler. Barlamak üçin, hasaba alnan wagtyňyzda size berlen tassyklaýyş belgisini, şeýle-de familiýaňyzy we doglan ýylyňyzy girizmeli. DV maksatnamasy her ýyl geçirilýär. Oňa gatnaşanlara ABŞ-da ýaşamak üçin immigrant wiza almaga mümkinçilik berilýär. Ýeňijiler kompýuter arkaly tötänleýin kesgitlenýär. Her ýyl DV maksatnamasynyň çäginde 55 müňe çenli wiza berilýär. Şeýle-de belläp geçsek, lotereýa dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça adamyň gatnaşýandygy sebäpli, immigrant wiza almak ähtimallygy gaty pes bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir