Maýadar Uorren Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol bu barada kompaniýanyň ýyllyk paýdarlar ýygnagynda aýtdy diýip, «Reuters» agentligi habar berýär. 94 ýaşly Baffett kompaniýanyň ýolbaşçylygyna öz orunbasary Greg Abeli hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, ol Berkshire Hathaway-den doly gitmegi we paýnamalaryny satmagy göz öňünde tutmaýandygyny hem belläp geçdi. Baffett dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýar. «Forbes» žurnalynyň soňky ýyllyk sanawynda onuň baýlygy 159 milliard dollar diýlip kesgitlenildi. Ol baýlygynyň tas hemmesini diýen ýaly üstünlikli maýa goýumlaryndan gazandy. Baffett Berkshire Hathaway kompaniýasyny 1965-nji ýylda satyn aldy. Şol döwürde bu kompaniýa Nebraskadaky, ýagny Baffettiň dogduk ştatyndaky kiçijik dokma kärhanasy eken. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol bu kärhanany maýa goýum we ätiýaçlandyryş ugurlary bilen meşgullanýan ägirt uly konglomerata öwürdi. Häzirki günde Berkshire Hathaway-iň umumy bahasy bir trillion dollardan geçýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir