3-nji maýdan başlap, ABŞ-da awtoulag şaýlarynyň (zapçastlarynyň) importyna 25 göterim möçberinde täze gömrük pajy güýje girdi. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan gol çekilen resmi permanda aýdylýar. Bu çäre ozal awtoulaglara girizilen salgytlaryň üstüni ýetirýär. 2-nji aprelde Tramp ýeňil awtoulaglaryň, ýeňil ýük ulaglarynyň hem-de awtoulag şaýlarynyň ýurda getirilmegine 25 göterimlik gümrük pajyny girizmek baradaky buýruga gol çekipdi. ABŞ-nyň prezidentiniň öňki beýanatyna görä, täze girizilen gümrük pajynyň bir bölegini yzyna almak mümkinçiligi diňe awtoulaglaryny ABŞ-nyň içinde ýygnap taýýarlaýan öndürijilere degişli bolar. Tramp tarapyndan ozal girizilen alýumin we polat bilen baglanyşykly goşmaça gümrük paçlary awtoulag şaýlaryna degişli bolmaz. Munuň maksady – şol bir zada iki gezek salgyt salynmagynyň öňüni almakdyr. Bu kadadan çykmalary pudagyň wekilleriniň şikaýatlaryna jogap hökmünde, Ak tamyň ýolbaşçysy birnäçe gün ozal habar beripdi. Emma Tramp bu ýeňilligi diňe «gysga wagtlyk geçiş döwrüniň» çäginde kömek hökmünde düşündirdi.