Dünýäde Güni öwrenmek boýunça iň güýçli teleskop bolan «Inoue» Gün teleskopy ilkinji gezek täze enjamyny, ýagny Visible Tunable Filter (VTF) kamerasyny ulanyp, Güni surata düşürdi. Bu barada «Eurekalert» habar berýär. VTF kamerasy Germaniýadaky Gün fizikasy instituty (KIS) tarapyndan işlenip düzüldi. Bu enjam dünýädäki iň uly spektropolýarimetr bolup, dürli tolkun uzynlyklarynda suratlary düşürmäge we ýagtylygyň polýarizasiýasy boýunça maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa alymlara Günüň atmosferasyndaky magnit meýdanlaryny, plazmany we beýleki elementleri çuňňur öwrenmäge ýardam berýär. Bir gözegçilik döwründe VTF 10 milliondan gowrak spektri, ýagny ýagtylygyň intensiwligini görkezýän grafikleri ýazga alyp bilýär. Bu maglumatlar Günüň üstündäki temperaturany we magnit meýdanlarynyň güýjüni kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Kamera üç sany sinhronlaşdyrylan modul bilen enjamlaşdyrylandyr, olar birnäçe sekundyň dowamynda ýüzlerçe suraty düşürip bilýär. Her bir modul özboluşly tolkun uzynlygynda işleýär. Alymlar düşürilen suratlary bilelikde seljerip, Günüň gurluşy we häsiýetleri barada üç ölçegli (3D) maglumatlary alýarlar. Teleskobyň ýokary çözgüdi Gündäki prosesleri 20 kilometrden 40 müň kilometre çenli masştabda takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir