Telegram-yň soňky täzelenmesi ulanyjylara 200 adama çenli gatnaşyjylar bilen toparlaýyn jaňlary hödürleýär. Bu barada messenjeriň esaslandyryjylarynyň biri bolan Pawel Durow özüniň Telegram kanalynda habar berdi. Jaňa gatnaşjaklary salgylar arkaly, QR-kodlar ýa-da messenjerde gönüden-göni çakylyk bilen goşup bolýar. «Siz eger bir jaňda 200-denem köp gatnaşyja çykmaly bolsaňyz, Telegram-yň toparlaýyn sesli we wideoçatlary on müňlerçe gatnaşyjyny goldaýar» — diýip, ol ýazdy. Durow jaňlaryň gowy şifrlenýändigini (end-to-end encryption) we hiç kimiň gizlin diňleýji hökmünde goşulyp bilmezligi üçin, «blokçeýne meňzeş» tehnologiýanyň ulanylýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir