Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy. Mýunhenlileriň 76 utugy, “Baýeriň” 68 utugy bolup, galan iki oýunda bu tapawudyň yzyndan ýetmek mümkin däl. Bu “Bawariýanyň” 34-nji tituly we Bundesliganyň rekordydyr. Ikinji orunda ýeňiş sany boýunça “Nýurnberg” (9 titul), üçünji orunda Dortmundyň “Borussiýasy” (8) ýerleşýär. Geçen möwsümde taryhda ilkinji gezek “Baýer” çempion boldy. “Bawariýanyň” hüjümçisi Garri Keýn üçin bu professional karýerasynda ilkinji titul boldy. Ol kluba 2023-nji ýylda geçdi. Häzirki möwsümde Keýn ähli ýaryşlarda 44 oýunda 36 gol geçirdi we 12 assist etdi. Çempionatda Keýn 24 gol bilen iň gowy bombardirdir. Ýarymgoragçy Tomas Mýuller karýerasynda rekord 13-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy. Ol esasy topar üçin 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär we öň möwsümiň ahyrynda klubdan gitjekdigini aýtdy. “Bawariýanyň” baş tälimçisi – öňki belgiýaly futbolçy Wensan Kompani. Ol topara möwsümiň başynda tälimçi bellendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir