"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýasynyň saýtynda habar berilýär. Täze gatnaw ugry halkara gatnawlarynyň giňeldilmegine we Türkmenistanyň Günorta Koreýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna gönükdirilendir. Uçuşlar hepdede bir gezek — duşenbe günleri amala aşyrylar. Biletleriň satuwy eýýäm kompaniýanyň resmi web sahypasynda we awiakassalarda açyldy. Aşgabatdan Seula bir tarapa uçar biletiniň bahasy 2852,5 manatdan başlanýar. Seuldan Aşgabada uçuşyň bahasy soňra habar berler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir