26 — 28-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý bagşyny bir ýere jemlän bu festiwala Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Hywa şäherinde bolan halkara festiwalda Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa şowly çykyş etdi. Wepa Nurmuhammedow bilen Aşyr Nazarowyň sazandarlyk etmeginde bagşy zenanyň «Saýatly-Hemra» dessanyndan ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary hem-de elkyssaly parçalary bu ýerde uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Türkmen bagşylarynyň bu çykyşy festiwalyň eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, türkmenistanly döredijilik topary festiwalda birinji orny eýeläp, degişli pul baýragyna mynasyp boldy. Halkara festiwalda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň bagşylarynyň medeni çykyşlary hem uly üns bilen diňlenildi. Şol çykyşlar foruma ýokary derejede taýýarlyk görlendigini görkezýär. Doganlyk ýurduň bu medeni dabarany ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleri döredendigini hem belläp geçmek gerek. Bagşyçylyk sungatynyň halkara festiwalynyň geçirilýän günlerinde türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar. 2019-njy ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu festiwal oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Festiwalyň çäginde Türk dünýäniň ikinji medeni forumy hem-de «Täze Özbegistanda bagşyçylyk sungaty: häzirki zaman barlaglary we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti bu foruma hem işjeň gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir