Saud Arabystany 10-njy iýuna çenli dowam etjek haj döwründe musulmanlar üçin mukaddes ýerlere – Mekgä we Medinä barmagyň täze düzgünleri barada habar berdi. Indi giriş diňe ýörite haj wizasy bilen mümkindir. Ýurduň Içeri işler ministrligi ygtyýarnamasyz haj parzyny ýerine ýetirmek synanyşygy üçin 20 000 saud rialyna (takmynan, 5 300 dollar) çenli jerimäniň göz öňünde tutulandygyny duýdurýar. Jerime görkezilen döwürde Mekgä girmek ýa-da galmak isleýän islendik wiza eýelerine degişlidir. Şeýle-de, haj düzgünlerini bozmaga synanyşan adamlara wiza almak üçin ýüz tutýanlara 100 000 saud rialyna (takmynan, 26 000 dollar) çenli jerime salnar. Bikanun migrantlar, şol sanda möhleti geçen wizaly adamlar ýurtdan çykarylar we ýurda 10 ýyl girmek gadagan ediler. Mundan başga-da, häkimiýetler haj rugsady bolmadyk adamlary Mekgä getirmek üçin ulanylan ulaglary konfiskasiýa eder. Syýahatçylyk ministrligi Mekgedäki myhmanhanalara we beýleki ýerlere haj üçin resmi rugsady bolmadyk adamlary kabul etmegi gadagan etdi. “Haj rugsady ýa-da haj möwsüminde işlemek ýa-da ýaşamak üçin şähere girmäge resmi ygtyýarnamasy bolmadyk” adamlary kabul etmek gadagan diýip, Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir