30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli görnüşli süýjüliklerden ybarat sowgatlar gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär. Dabaralar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde we Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde geçirildi. Türkmenistanda ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän sogap işleriň rowaçlyklara beslenmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Gaznanyň ýardam bermeginde ösüp gelýän ýaş nesillere, ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň kömege mätäç çagalaryna yzygiderli goldawlar berilýär.