1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahaty we onuň bilen bagly beýleki ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça degişli guramaçylyk işleri geçirilýär. Esasy çäreleriň geçiriljek ýerlerinde dürli sergileri, beýleki medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 31-nji maýda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň, 26-njy iýulda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyrlaryny, 2 — 7-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahaty we onuň bilen bagly ugurdaş çäreleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany metbugat wekillerine işlemek üçin gowy şertleri döretmegi, maslahatyň geçýän döwründe meýilleşdirilen medeni çärelere-de gowy taýýarlyk görmegi, medeniýet toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.