Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär. Halkara sergä nebitgaz pudagynda innowasion çözgütler, känleri özleşdirmek, energiýany özgertmegiň tehnologiýalary, daşky gurşawa uglerod zyňyndylaryny azaltmak ýaly ugurlar boýunça kompaniýalar öz önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde halkara ylmy maslahat geçirildi. Sergide Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanan “Ýelli etraplarda, ýeliň energiýasyndan elektrik energiýasyny öndürýän, binalaryň üstünde ulanmak üçin niýetlenilen innowasion ýel elektrik desgasynyň taslama maketleri tanyşdyryldy. Şeýle hem “Buraw turbasyndaky boşlukdan howany gysyp çykarmak üçin enjamyň” makedi sergide görkezildi. Serginiň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, taýýarlaýan hünärleri, tejribehanalary we alyp barýan ylmy işleri barada sergä gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Taslama işler boýunça sergä gatnaşan dürli kompaniýalaryň inženerleri bilen pikir alşyldy. Bu innowasion tehnologiýasynyň ekologik taýdan zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup durýandygy bellenildi. GOTECH "Energiýa, Tehnologiýa Innowasiýa" sergisinde görkezilen taslama işleri bilen işjeň gatnaşan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparyna minnetdarlyk haty we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.