28-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berdi. Türkmen wekiliýetiniň agzasy forumyň «Umumy taryhy hakydany hatyralamak we goramak» atly birinji bölümçesinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda oňyn halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem ýurtda adalatly durmuş ösüşini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Bölümçede Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän forumyň işiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini, durmuş ösüşini we adalatlylyk üçin parlament hereketini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygy, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň dünýä döwletleriniň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga ýardam edýändigi barada nygtaldy. 29-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara forumyň plenar mejlisine gatnaşdy. Foruma dünýä ýurtlaryndan parlamentleriň, halkara guramalaryň we ylmy-jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Plenar mejlisde wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Bu maslahatda türkmen wekiliýeti hem çykyş edip, maslahata gatnaşyjylary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýän halkara başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri barada belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurduň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygynyň dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigi bellenip geçildi.