28-29-njy aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Montana we Waýoming ştatlarynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe resmi duşuşyklaryňdyr çäreleriň toplumyny geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, saparyň dowamynda konsul S.Pirmuhammedow Billingsdäki Montana döwlet uniwersitetiniň (MSUB), Waýoming ştatyndaky Nort West kollejiniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. MSUB-niň rektory hanym Stefani Hikswa, Nort-West kollejiniň prezidenti hanym Liza Watson we Waýoming uniwersitetiniň Daşary ýurtly talyplaryň hem-de talyp hakly bilim alýanlaryň işleri boýunça bölüminiň direktory hanym Jill Jonson bilen netijeli duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ykdysadyýet, maliýe we bank işi, lukmançylyk we şepagat uýalyk işi, iňlis dili we edebiýaty, mekdebe çenli bilim, oba hojalygy, atçylyk, energetika ýaly ugurlarda alnyp barylýan okuw maksatnamalary barada pikir alşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn akademik alyş-çalyşlary we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Habarda bellenilişi ýaly, ilçihana tarapyndan MSUB-de we Nort-West kollejinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň we diplomatiýanyň 30 ýyllygy» atly tanyşdyryş çykyşlary guraldy. Şeýle-de, konsul S.Pirmuhammedow MSUB-de we North-West kollejinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir