30-njy aprelde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Fathudin Ali Mohamedi kabul etdi. Duşuşykda taraplar soňky döwürde iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi. Ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça pikir alşylyp, ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda, Somaliniň bilim ministriniň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmagy teklip edildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli bu hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Taraplar Türkmenistanyň bilim diplomatiýasynyň parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, bu ýörelgeleriň halkara hyzmatdaşlygynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir