Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekillerinden ybarat topar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günbatar Sakson welaýatynyň Zwikau şäherindäki Amaly Ylymlar Uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy. Zwikau Amaly Ylymlar Uniwersiteti (WHZ) Germaniýada inženerçilik, awtomobil senagaty, sanly tehnologiýalar we durnukly ösüş ugurlary boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdebidir. Uniwersitet «Volkswagen Sachsen» ýaly iri senagat kärhanalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem talyplar üçin amaly ugurly bilim bermekde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Mundan başga-da, uniwersitetiň düzüminde «Robert Schumann» Konserwatoriýasy hereket edýär. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşykda taraplar ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çykyşlaryny geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem uniwersitetiň ýörite çakylygynyň esasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly çykyş guraldy. Onda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Kakabaý Hojanepesow çykyş edip, BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi, ýurduň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat hakynda giňişleýin maglumat berdi. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalary bilen hem tanyşlyk guraldy. Bu sapar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.