Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy 2-nji maýdan başlap Moskwa uçuşlary gaýtadan dikeldýär, Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlayna emeli aňy ornaşdyrmagyň üstünde iş alnyp barylýar we beýleki habarlar Türkmenistanda 1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýş, ulag, dokma pudaklary ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, «ýaşyl» ykdysadyýet, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we innowasion tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi. https://turkmenportal.com/blog/90588/glava-halk-maslahaty-turkmenistana-provel-telefonnyi-razgovor-s-prezidentom-germanii 2. Türkmen halkynyň Milli Lideri GFR-iň Federal Prezidenti Ştaýnmaýeri özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy hem-de onuň 12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmagyna ynam bildirdi. https://turkmenportal.com/blog/90589/prezidenta-germanii-zhdut-s-oficialnym-vizitom-v-turkmenistane 3. «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy 2-nji maýdan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça dowamly uçuşlary gaýtadan dikeldýär. Uçuşlar hepdede iki gezek – duşenbe we anna günleri «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar. Şeýle hem awiakompaniýa hepdede iki gezek – çarşenbe we ýekşenbe günleri Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça uçuşlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuş tertibine laýyklykda, Kazan şäherine ilkinji gatnaw 4-nji maýda amala aşyrylar. https://turkmenportal.com/blog/90604/turkmenistan-airlines-vozobnovlyaet-reisy-v-moskovskii-aeroport-domodedovo-s-2-maya 4. Türkmenistan emeli aňy döwlet dolandyryşyndan we saglygy goraýyşdan başlap, bilim we oba hojalygy ýaly durmuşyň dürli ugurlaryna ornaşdyrmak boýunça işleri işjeň alyp barýar. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow habar berdi. «Biz emeli aňyň köp işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak üçin esasy gural bolup biljekdigine düşünýäris. Ählumumy meýilleri nazara alyp, döwlet halkara tejribä daýanmak bilen, emeli aňy bilim işine ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we ýol kartalaryny işläp düzmek boýunça wezipeleri goýdy» — diýip, Rejepow Aşgabatda standartlaşdyrmak boýunça «QACIS 2025» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda nygtady. https://turkmenportal.com/blog/90575/v-turkmenistane-rabotayut-nad-vnedreniem-ii-v-razlichnye-sfery-ekonomiki 5. Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew 28-nji aprelde Moskwada geçirilen «Nasizme garşy gazanylan ýeňşiň ähmiýeti barada. BMG-niň döredilişi barada sapaklar» atly halkara simpoziuma gatnaşdy. GDA ýurtlarynyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Alžiriň, Bolgariýanyň, Awstriýanyň, Serbiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäre Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Bitewi Russiýa» («Единая Россия») Bütinrussiýa syýasy partiýasy tarapyndan guraldy. https://turkmenportal.com/blog/90559/posol-turkmenistana-v-rf-vystupil-na-simpoziume-o-znachenii-pobedy-nad-nacizmom 6. Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky «Genç» hususy kärhanasy bal öndürmekde uly üstünliklere eýe boldy. Hojalyk her ýyl 5 tonnadan gowrak ýokary hilli önüm öndürýär. Bu pudakda indi 10 ýyla golaý işleýän kärhana hem adaty usullary, hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýar. Şu ýylyň başyndan bäri önümçiligiň hatary bal arylardan alynýan süýt ulanylyp taýýarlanan «Şokoladly bal» we «Ak bal» ýaly täze önümleriň görnüşleri bilen dolduryldy. https://turkmenportal.com/blog/90564/pchelovody-severnogo-regiona-turkmenistana-proizvodyat-okolo-5-tonn-meda-za-god 7. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bank kartlarynyň emissiýasy we internet-banking hyzmatyny ulanyjylaryň sany boýunça ýurtda öňdebaryjy orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň apreli ýagdaýyna görä, bank tarapyndan 2 116 672 sany kart çykaryldy. Şeýle-de «Daýhanbank» internet-banking boýunça 432 527 sany ulanyja hyzmat edip, uzak aralykdan bank hyzmatlarynyň gerimi boýunça hem öňdeligi eýeleýär. https://turkmenportal.com/blog/90581/daihanbank-lidiruet-v-turkmenistane-po-vypusku-bankovskih-kart-i-internetbankingu Dünýäde 1. Gazagystan maýadarlar üçin wiza bermegiň düzgünlerini täzeledi. Gazagystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin maýadarlara wiza bermegiň täze düzgünlerini tassyklady. Gazak kärhanalaryna ýa-da ýerli gymmatly kagyzlara 300 müň ABŞ dollaryndan köp maýa goýan daşary ýurtlular indi 10 ýyla çenli ýaşamak hakynda ygtyýarnama almaga mümkinçilik döredýän «altyn wizany» almak üçin elektron arza berip bilerler. https://turkmenportal.com/blog/90602/kazahstan-vvodit-zolotuyu-vizu-dlya-zarubezhnyh-investorov 2. «Oskar» dabarasynyň emin agzalary dalaşgär filmlere hökmany tomaşa etmek baradaky täze düzgüniň üstünde durmazlygyň usulyny tapdylar. 22-nji aprelden başlap Akademiýa ses bermek hukugyny almak üçin ähli dalaşgär görkezilen filmlere tomaşa etmek talabyny girizdi. Ulgam filmlere tomaşa edilmegini «Screening Room» ykjam programmasy arkaly yzarlasa-da, bu ulgamy aldamak aňsat – filmi fonda, çaltlaşdyrylan tertipde ýa-da sessiz goýbermek ýeterlikdir. Emin agzalarynyň köpüsi täze düzgüni goldady, emma ynsansyz baha berýänleriň hemişe tapyljakdygyny boýun aldylar. Täze düzgün az býujetli filmleriň ýeňiji bolmak mümkinçiligini we tehniki kategoriýalaryň ähmiýetini artdyryp biler. https://turkmenportal.com/blog/90594/lazeika-v-novom-pravile-oskara-pozvolyaet-chlenam-zhyuri-ne-smotret-vse-nominirovannye-filmy Sport täzelikleri 1. «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen deňme-deň oýnady. «Barselona» bilen «Interiň» arasynda «Kamp Nou» stadionynda geçirilen Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýny 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Jogap duşuşygy 6-njy maýda Milanda geçiriler. Şondan bir gün öň beýleki ýarym final oýnunda «PSŽ» 1:0 hasabynda «Arsenaldan» üstün çykdy. Bu jübütiň arasynda jogap duşuşygy 7-nji maýda Parižde geçiriler. Çempionlar ligasynyň finaly 31-nji maýda Mýunhende «Alýans Arena» stadionynda bolar. https://turkmenportal.com/blog/90591/inter-i-barselona-sygrali-vnichyu-v-pervom-matche-12-finala-ligi-chempionov 2. Messiniň we Ronaldunyň toparlary sebitleýin ýaryşlarda aýgytlaýjy duşuşyga çykyp bilmän, ýaryşdan çykdylar. Messiniň oýnaýan «Inter Maýami» topary KONKAKAF çempionlar Kubogynyň ýarym finalynda Kanadanyň «Wankuwer» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňildi. Ronaldunyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bolsa Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Ýaponiýanyň «Kawasaki Frontale» toparyndan 2:3 hasabynda asgyn geldi. https://turkmenportal.com/blog/90592/messi-i-ronaldu-ne-pomogli-svoim-komandam-vyiti-v-finaly-turnirov

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir